«Deňiz» gigiýeniki önümleri

«Daluw Maksatly» kärhanasynyň amala aşyýan işleriniň ýene biri – gigiýeniki önümleri öndürmekdir. 2013-nji ýyldan başlap, öz zawodymyzda öndürilýän “Deňiz” çygly we gury süpürgiçleri köpçülige ýetirýäris. Häzirki wagtda, öndürilýän gigiýeniki serişdeleriň assortimenti ep-esli giňeldildi, bu bolsa olara bolan islegleriň artmagyna itergi berýär.

Biziň hyzmatlarymyz:

Bütin dünýä boýunça öňdebaryjy enjam öndürijiler bilen hyzmatdaşlykda «Daluw Maksatly» kärhanasy içerki bazarlarymyzy , ýurdumyzyň bazarlaryny senagat kärhanalarynyň, raýat we ýaşaýyş jaý gurluşyk obýektleriniň, maglumatlary gaýtadan işleýän merkezleriň energetiki toplumlary üçin enjamlar bilen üpjün edýär.

Onýyllyklaryň dowamynda toplanan tejribämiz, bize islendik derejeli kynçylykly taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik döredýär.

Ondan başga-da, «Daluw Maksatly» kärhanasy «Daluw» haryt nyşanynyň astynda gündelik-durmuş elektrik suw ýyladyjylaryny öndürýär. Önümçilik ýola goýulandan soň 5 ýylyň dowamynda, biziň harytlarymyz ýurdumyzyň bazarlarynda öz ornyny tapdy hem-de sarp edijileriň ynamyny özüniň hili we ygtybarlygy bilen gazandy.  

Şeýle hem, kärhananyň işiniň ähmiýetli ugurlarynyň ýene biri “Deňiz”  haryt nyşanynyň astynda gigiýeniki önümleriň önümçiligidir. Öndürilýän harytlaryň assortimenti dürli hoşboý ysly gury we çygly süpürgiçlerden ybarat.

Aýratynlyklarymyz:

Ýokary tejribeli hünärmenler

Ýokary hilli önümler

Köpugurly işlerde tejribe

Ygtybarly hyzmatdaşlyk