«Daluw Maksatly» kärhanasy 2010-njy ýylda esaslandyrylyp, ilkibaşda «NUR ASIA» diýlip atlandyryldy, ýöne kärhananyň gaýtadan gurnalmagy bilen 2022-nji ýylda onuň ady üýtgedildi.
«Daluw Maksatly» kärhanasy, esasan, Ýewropanyň öňdebaryjy öndürijilerinden ýyladyş ulgamlaryny lomaý satyn almak we Türkmenistanyň bazarlarynda ýaýratmak bilen meşgullanýar. Gysga wagtyň dowamynda, kärhana müşderileriň we hyzmatdaşlarynyň ynamyny gazanyp, ýurdumyzyň ýyladyş ulgamlary bazarynda öňdebaryjy kärhanlaryň birine öwrüldi.
2013-nji ýylda kärhana täze işiň ugruny özleşdirdi, ýagny gury we çygly süpürgiçleri öndürýän zawody satyn aldy. 2013-nji ýyldan başlap, “Deňiz” haryt nyşanynyň astynda gigiýeniki önümleriň önümçiligini ýola goýdy. Häzirki wagtda «Daluw Maksatly» ýokary hilli gigiýeniki önümleriň çykarylýan assortimentini iki esse artdyrdy.
2017-nji ýylda «Daluw Maksatly» kärhanasy suw ýyladyjylary öndürýän häzirki zaman zawody gurmak bilen, ýurdumyzyň çäginde elektriki suw ýyladyjylary öndürýän ilkinji kärhana öwrüldi.
2022-nji ýyldan başlap kärhana Schneider Electric kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýup, ýurdumyzyň bazarlaryny senagat kärhanalarynyň, raýat we ýaşaýyş jaý gurluşyk obýektleriniň energetiki toplumlary bilen üpjün etmäge girişdi.
Ýokary hilli harytlary öndürmek we daşary ýurtlardan getirmek bilen biziň kärhanamyz içerki bazarlarymyzda öňde baryjy orunlary eýeleýär. Bütindünýä öňdebaryjy öndürijilerden ýokary hilli harytlary we çig maly yhlasly seçmek ýaşaýjylaryň durmuşyny has-da oňaýly etmäge we gowulandyrmaga itergi berýär.
«Daluw Maksatly» kärhanasy döwrebap we ýokary tehnologiýaly kärhanadyr, ol ýeten sepgitlerinde saklanman, elmydama täze maksatlara ýetmegiň ugrunda hereket edýär.
Türkmenistanda
ýaşaýyş jaýlarynyň häzirki zaman ýyladyşy, gyzgyn suw üpjünçligi we energetiki toplumlary
üçin gerekli harytlaryň söwdasynda hem-de ýurdumyzyň raýatlary üçin gündelik
gigiýeniki önümleri öndürmekde birinji orny eýelemek
Biz geljege tarap
ynamly ädim ätýän, mydama kämilleşýän kärhana. Biziň maksadymyz müşderileriň
ynamyny we talaplaryny ödäp biljek önümleri öndürmek hem-de köpçülige
ýetirmekden ybarat. Biz önümlerimizi hasam kämilleşdirmek maksady bilen,
önümçilik proseslerine we hünärmenler resursyna üznüksiz maýa goýumlaryny
goýmagy dowam etdirýäris, teklip edýän hyzmatlarymyzy mydama ýokary derejede
ýerine ýetirmegiň we kämilleşdirmegiň ugrunda göreşýäris. Mundan beýläk-de,
ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň amatly durmuşyny üpjün etmek we has-da gowulandyrmak
üçin biziň kärhanamyz yhlasly ösmegini dowam etdirer.
Ýyl içerki bazarda
Ýokary derejeli hünärmen
Görnüşli teklip edilýän hyzmatlar
Ynamdar üpjünçiler
Nebit we gaz pudagyndaky enjamlar yzygiderli tehniki hyzmaty talap edýär, bu işleriň netijeli alnyp barylmagyny üpjün etmek bolsa biziň esasy wezipämizdir.
Biz daşary ýurt logistikasynda we daşary ykdysady ulgamlarynda gazanan baý tejribämizi Size hödürleýäris.
Biziň hojalyk jemgyýetimiz daşary ýurt we ýerli kompaniýalar bilen täze hem-de özara şertler esasyndaky hyzmatdaşlyklara hemişe taýýardyr.