Bütin dünýä boýunça öňdebaryjy enjam öndürijiler bilen
hyzmatdaşlykda «Daluw Maksatly» kärhanasy içerki bazarlarymyzy , ýurdumyzyň bazarlaryny
senagat kärhanalarynyň, raýat we ýaşaýyş jaý gurluşyk obýektleriniň,
maglumatlary gaýtadan işleýän merkezleriň energetiki toplumlary üçin enjamlar
bilen üpjün edýär.
Onýyllyklaryň dowamynda toplanan tejribämiz, bize
islendik derejeli kynçylykly taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik döredýär.
Ondan başga-da, «Daluw Maksatly» kärhanasy «Daluw» haryt nyşanynyň astynda gündelik-durmuş elektrik suw
ýyladyjylaryny öndürýär. Önümçilik ýola goýulandan soň 5 ýylyň dowamynda, biziň
harytlarymyz ýurdumyzyň bazarlarynda öz ornyny tapdy hem-de sarp edijileriň
ynamyny özüniň hili we ygtybarlygy bilen gazandy.
Şeýle hem, kärhananyň işiniň ähmiýetli ugurlarynyň ýene
biri “Deňiz” haryt nyşanynyň astynda
gigiýeniki önümleriň önümçiligidir. Öndürilýän harytlaryň assortimenti dürli
hoşboý ysly gury we çygly süpürgiçlerden ybarat.