“Daluw Maksatly” Hojalyk Jemgyýeti şu aşakdaky ulgamlarda hereket edýär:

Biziň hyzmatlarymyz:

Bütin dünýä boýunça öňdebaryjy enjam öndürijiler bilen hyzmatdaşlykda «Daluw» kompaniýasy içerki bazarlarymyzy , ýurdumyzyň bazarlaryny senagat kärhanalarynyň, raýat we ýaşaýyş jaý gurluşyk obýektleriniň, maglumatlary gaýtadan işleýän merkezleriň energetiki toplumlary üçin enjamlar bilen üpjün edýär.

Onýyllyklaryň dowamynda toplanan tejribämiz, bize islendik derejeli kynçylykly taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik döredýär.

Ondan başga-da, «Daluw» kompaniýasy «Daluw» haryt nyşanynyň astynda gündelik-durmuş elektrik suw ýyladyjylaryny öndürýär. Önümçilik ýola goýulandan soň 5 ýylyň dowamynda, biziň harytlarymyz ýurdumyzyň bazarlarynda öz ornyny tapdy hem-de sarp edijileriň ynamyny özüniň hili we ygtybarlygy bilen gazandy.  

Şeýle hem, kärhananyň işiniň ähmiýetli ugurlarynyň ýene biri “Deňiz”  haryt nyşanynyň astynda gigiýeniki önümleriň önümçiligidir. Öndürilýän harytlaryň assortimenti dürli hoşboý ysly gury we çygly süpürgiçlerden ybarat.

Aýratynlyklarymyz:

Ýokary tejribeli hünärmenler

Ýokary hilli önümler

Köpugurly işlerde tejribe

Ygtybarly hyzmatdaşlyk