Täzelikler

Biziň kompaniýamyz Germaniýadaky sergä gatnaşdy!

Her ýyl Germaniýada dürli mowzuklaryň köp sanly halkara sergileri geçirilýär. Häzirki wagtda halkara sergilerine baryp görmek köp kompaniýanyň üstünlikleriniň açarydyr.

Şeýlelik bilen, 2022-nji ýylda suw arassalaýyş we suw taýýarlaýyş kompaniýasy BWT, işewür sergisinde öňdebaryjy suw arassalaýyş ulgamly tehnologiýasyny, iň täze tehnologiýalary we innowasiýa gözleglerini hödürledi.

Onýyllyklaryň dowamynda BWT-iň diňe bir maksady bardy: iň ýokary hilli suw bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen suw arassalaýyş çözgütleri bilen, suw bar ýerinde adamlar üçin ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak.

BWT önümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk sebäpli baş müdirimiz Agamyrat Baýramow, BWT tarapyndan şunuň ýaly möhüm çärä Türkmenistan döwletimizden çagyryldy.

Çärä dürli ýurtlardan paýlamak we satmak boýunça ýolbaşçylar we hünärmenler gatnaşdy. Foruma gatnaşyjylar çäräniň guralyşynyň ýokary derejesini, geňeşçileriň hilini, işlenip düzülen maksatnamanyň aýdyňlygyny we ara alnyp maslahatlaşylan mowzuklaryň ýerlikliligini bellediler.

Forum özüni üstünlikli hünär çäresi hökmünde görkezdi, bu ýerde işewürlik pudagynda köp sanly innowasiýa taslamalary we tehnologiýalary işe girizildi. Forum meýdanynda sergi geçirildi, oňa gatnaşyjylar diňe bir hil ülňüleri boýunça hyzmatlary we tehnologiýalary öňdebaryjy üpjün edijiler bilen tanyşmak bilen çäklenmän, käbir önümler barada öz pikirlerini hem paýlaşyp bildiler.

Şular ýaly guramaçylyk çäreleriniň her gezek has oýlanyşykly bolýandygyny, programma has baýlaşýandygyny, gönüden-göni aragatnaşyk üçin has köp mümkinçilikleriň döredilýändigini we serginiň dowamynda seminarlar we ýygnaklaryň indiki gündelik işler üçin has peýdaly bolýandygyny belläsimiz gelýär.

Gurlan gatnaşyklara buýsanýarys we mümkinçilik we hyzmatdaşlyk üçin kärdeşlerimize minnetdarlygymyzy bildirýäris!