Täzelikler

Indi biz “Schneider Electric” -yň Türkmenistandaky resmi distribýutory!

“Schneider Electric” elektrik önümlerine hyzmat etmekde we öndürmekde dünýä lideridir.

Elektrik enjamlaryny satmak pudagynda bolanymyz üçin biziň esasy maksadymyz iň oňat hilli önümleri getirmekdir. Şol sebäpli ýaňy-ýakynda Fransuz kompaniýasy bilen şertnama baglaşdyk we indi Türkmenistanda belli dünýä markasynyň resmi distribýutorydyrys.

Biziň öňümizde henizem köp maksatlar bar. Häzirki wagtda müşderilerimize we olaryň zerurlyklaryna has ýakyn bolmaga synanyşýarys. Energiýa tygşytly çözgütleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly önümleriň hilinde iň ygtybarly hyzmatdaş bolmak üçin uly işleri alyp barýarys.

Ösen tehnologiýalary bolan önümleri döretmegi we ösdürmegi dowam etdirýäris, önüm kategoriýalarynyň sanawyny wagtal-wagtal täzeläp durýary we şol bir wagtyň özünde bar bolanlaryny yzygiderli kämilleşdirýäris.